Müçe täleýnamasy Ýyl-müçe hasaby boýunça adamyň ýazgydynyň kesgitlenişi

Gündogar ýazgylarynyň habar bermegine görä, Täze ýylyň öňi syrasyndaky günleriň birinde Budda dünýädäki barça haýwanlary çagyrypdyr. Ol özüne hormat bildirip ýanyna gelen her haýwana üýtgeşik gowy sowgat etjekdigini hem-de bir ýyly berjekdigini aýdypdyr. Bu habary eşiden haýwanlaryň ählisi tizden-tiz onuň ýanyna eňipdir. Buddanyň alnyna on iki sany haýwan ilkinjiler bolup, şu aşakdaky tertipde gelipdir: syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, goýun, bijin, towuk, it, doňuz. Dogrusy, Buddanyň ýanyna ilkinji bolup gelýän sygyr eken. Ýöne syçan has golaýa gelýänçä sygyryň arkayna münüp gelipdir-de, ara az galanda böküp düşüp, ylgap gaýdyberipdir. Şeýdibem syçan ilkinjiligi alanmyş. Her halda ilkini bolup gelen on iki haýwanyň hersine bir ýyldan ýetenmiş. Şol ýyllaryň hersine hem degişli haýwanlaryň esasy häsiýetleri berilipdir.

Rowaýat edilişine görä, adam 12 ýylyň haýsy birinde dogulan bolsa oňa adyna ýyl dakylan şol haýwanyň häsiýeti mahsus bolýarmyş. Onsaňam, ýylyň häsiýeti belli bolany üçin, şoňa göräräk edip , 12 müçäniň islendik ýylynda dogulan adamyň nähili häsiýetleriniň boljakdygyny kesgitläp bilipdirler.

12 müçä girýän ýyllar: 

Syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, goýun, bijin, towuk, it, doňuz.

Müçe ýyllary barada goşgy: 

Türkmen halky 12 müçäniň ýyllarynyň ýatdan çykmazlygy üçin, ony şu aşakdaky goşgy görnüşinde ýat tutupdyr:

Ýyl başy syçan, sygyr,
Bars, towşan, luw, ýylan,
Ýylky, goýun, bijin, towuk,
It, doňuz boldy tamam.

122 (+1) gezek görüldi

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *