Müçe ýyl hasaby täleýnamasy (12 ýyl): Müçenama boýunça adamyň ýazgydynyň kesgitlenişi

    Gündogar ýazgylarynyň habar bermegine görä, Täze ýylyň öňi syrasyndaky günleriň birinde Budda dünýädäki barça haýwanlary çagyrypdyr. Ol özüne hormat bildirip ýanyna gelen her haýwana üýtgeşik gowy sowgat etjekdigini hem-de bir ýyly berjekdigini aýdypdyr. Bu habary eşiden haýwanlaryň ählisi tizden-tiz onuň ýanyna eňipdir.

    Buddanyň alnyna on iki sany haýwan ilkinjiler bolup, şu aşakdaky tertipde gelipdir: syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, goýun, bijin, towuk, it, doňuz. Dogrusy, Buddanyň ýanyna ilkinji bolup gelýän sygyr eken. Ýöne syçan has golaýa gelýänçä sygyryň arkayna münüp gelipdir-de, ara az galanda böküp düşüp, ylgap gaýdyberipdir. Şeýdibem syçan ilkinjiligi alanmyş.

    Her halda ilkini bolup gelen on iki haýwanyň hersine bir ýyldan ýetenmiş. Şol ýyllaryň hersine hem degişli haýwanlaryň esasy häsiýetleri berilipdir.

    Müçe Ýyl Hasaby, müçenama, 12 ýyl her biri bir haýwana meňzedilýär.

    Müçe Ýyl Hasaby, müçenama, 12 ýyl her biri bir haýwana meňzedilýär.

    Rowaýat edilişine görä, adam 12 ýylyň haýsy birinde dogulan bolsa oňa adyna ýyl dakylan şol haýwanyň häsiýeti mahsus bolýarmyş. Onsaňam, ýylyň häsiýeti belli bolany üçin, şoňa göräräk edip , 12 müçäniň islendik ýylynda dogulan adamyň nähili häsiýetleriniň boljakdygyny kesgitläp bilipdirler.

    Müçe näme diýmek?

    Müçe — gadymy ýyl hasaby boýunça dürli haýwanlaryň ady bilen bellenýän on iki ýyllyk tsikl. Müçe ýyllaryna başgaça müçenama, ýyl senenamasy ýa-da türkmen ýyl hasaby hem diýilýär.

    Müçe ýyllary barada goşgy:

    Türkmen halky 12 müçäniň ýyllarynyň ýatdan çykmazlygy üçin, ony şu aşakdaky goşgy görnüşinde ýat tutupdyr:

    Ýyl başy syçan, sygyr,
    Bars, towşan, luw, ýylan,
    Ýylky, goýun, bijin, towuk,
    It, doňuz boldy tamam.

    12 müçä girýän ýyllar

    Geliň indi 12 müçä girýän ýyllara ady dakylan haýwanlara, şoňa görä-de adamlara-da mahsus hasaplanan häsiýetleri deňeşdirip göreliň. Her ýyla degişli haýwan adyna basyp ol müçe ýyly barada giňişleýin okap bilersiňiz. Şeýle hem haýsy ýylda doglan adamlar kimler bilen durmuş gursa bagtly boljagyny owrenip bilersiňiz.

    Добавить комментарий

    Ваш адрес email не будет опубликован.