Ýylan ýyly

             Ýylan ýylynda dogulan adamlar nähili häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar?

         Gündogarda ýylan akyllylygyň nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimliligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda dogulan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryň paýhasy daş ýaryp, köp zady öňden görüp biler. Bularyň gatnaşygynda duýgular, täsir hem-de özara sylaşyk uly orun tutýar. Bu adamlaryň hamana alty duýgusy bar ýaly. Her bir başlan işlerini hökman ahyryna çenli ýerine ýetirýärler, şowsyzlyga örän seýrek uçraýarlar. Häsiýeti boýunça sowukganly bolsalar-da, örän çalt karara gelmegi başarýarlar we işiň gözüni bilýärler. Käbirleri gysganjyrak bolýar, karz pul bermegi halamaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, kyn ýagdaýa düşen adamlara nebsi agyryp, olara kömek berýär.

      Ýylan ýylynda dogulanlar sähel kömek berse, diline çolap eden işini çişirip görkezýärler, şonuň üçin oňarsaň olaryň kömeginden gaça durmak gerek. Pula gezek gelende örän bagtly. Olar islendik wagty geregiçe pul tapyp bilýärler. Garran çagy köpüsi gysganja öwrülýär.

    Bular işe çyny bilen ýapyşýarlar we köp işlemekden gaçmaýarlar, şonuň bilen birlikde az-kem ýaltaçylygy hem bar.

    Söýgüde özüne ýoldaşy erkin saýlap tutýar, gabanjaň we ynjyk. Maşgala durmuşyna ýeňilkellelik bilen garaýandyklary üçin, köp kynçylyklary başdan geçirýärler. Bir wagtda birnäçe adam bilen söýgi gatnaşyklaryna girýärler. Bu olaryň iň gowşak tarapydyr. Diňe uly maşgalasynyň bolmagy olara bu babatda päsgelçilik döredip biler.

    Ýylan ýylynda dogulan aýallar örän owadan bolýar. Olaryň özüne göwni ýetýär.

    Ömrüniň birinji bölegi asuda geçýär. Orta ýaşlarynda duýgularynyň täsirine düşýär we durmuşy lezzetli geçirmäge çalyşyp, köp azara galýar.

    Bularyň Sygyr ýa-da Towuk ýylynda dogulanlar bilen guran nikasy bagtly bolar. Bijin ýylynda dogulanlar durmuş gurmak üçin amatsyz hasaplanýar. Bars we Doňuz ýylynda dogulanlar bilen nikasy bagtsyzlyk getirmegi mümkin.

      Ýylan ýyly haýsy ýyllar?

    Olar: 1953, 1965, 1977, 1989, 2001, 2013, 2025, 2037, 2049, 2061, 2073, 2085, 2097 ýyllar.

    89 (+1) gezek görüldi

    Добавить комментарий

    Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *